"Senagat" Paýdarlar Täjirçilik banky ýyllyk 6 göterimlik möçber bilen "Goýum bank karty" atly täze kart hyzmatyny hödürleýär. Siz bu goýum bank kartynyň üsti bilen şu amatlylyklardan peýdalanyp bilersiňiz:
- check_circleIslendik wagt we islendik möçberde gelip çykyşy soralmazdan nagt pul serişdesini goýmak
- check_circleIslendik wagt doly ýa-da bölekleýin nagt pul serişdesini yzyna almak
- check_circleBank kartynyň galyndysyna ýyllyk 6,00 % girdeji hasaplanylýar
- check_circleNagt pul serişdesini goýmaga we yzyna almaga mümkinçilik berýän ýeketäk bank karty
Mundan başga-da,
- check_circleHyzmatlaryň dürli görnüşleri üçin ýa-da satyn alnan harytlar boýunça nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmek
- check_circleAlnan karz serişdeleriniň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini bankomatlaryň we terminallaryň üsti bilen tölemek
- check_circleSMS hyzmaty arkaly bank kartynyň hasabyndaky hereketleri barada maglumat almak
- check_circleDegişli bankomatlardan nagt pul serişdesini almak
- check_circleTöleg terminallary arkaly öý we öýjükli aragatnaşyk TM CELL, CDMA, internet, IP-telewideniýe we saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini nagt däl görnüşinde amala aşyrmak
- check_circleInternet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden, kompýuter enjamlaryny ýa-da akylly telefonlary ulanmak bilen elektron bank kart-hasaby boýunça "Internet-Bank" hyzmatlaryndan peýdalanyp tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek
notificationsBank kartyny ilkinji gezek eliňize alanyňyzdan soňra bankomatlarymyzdan hasabyňyzy barlamgyňyzy ýatdan çykarmaň!
"Senagat" Paýdarlar Täjirçilik banky "Goýum" bank karty boýunça Size hyzmatlaryň görnüşi bolan "Cash back" - ýagny höweslendiriş hyzmatlaryny hödürleýär.
Mundan beýläk hem "Senagat" PTB-y Türkmenistanyň Häkimiýetiniň syýasaty bilen düzgünleşdirilýän depozit syýasatynyň esasy ýörelgelerini saklar we ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzgünleşdirilmegi we ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdiriler.
"Goýum" bank kartyny açmak üçin "Senagat" Paýdarlar Täjirçilik bankynyň Baş edarasyna, şahamçalaryna aşakdaky görkezilen formalar arkaly ýüz tutup bilersiňiz.